
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň talabalaýyk we netijeli alnyp barylmagynda topar otagynyň gurluşyna we bezelişine aýratyn orun degişlidir. Şoňa görä-de, körpeleriň terbiýelenýän, okadylýan, ýatylýan otaglarynda degişli düzgünlere laýyk bezeg we guramaçylyk işleriniň alnyp barylmagy zerurdyr.
Topar otagynyň bezeginde degişli gözükdirmeden peýdalanylýar. Şunda toparlaryň girelgesinden başlap, okuw, oýun we ýatylýan otaglarynda bolmaly diwarlyklar, onda ýerleşdirilmeli maglumatlar, maslahatlar, düzgünnamalar, esbaplar, enjamlar barada anyk maglumatlar berilýär.
| Şol sanda toparyň girelgesinde ata-eneler üçin diwarlyk, Saglyknama diwarlygy, “Baýramçylyklar” atly diwarlyk, “Mekdebe çenli Döwlet bilim standarty” atly diwarlyk öz ornuny eýeleýär. Şeýle-de topar otagynyň girelgesinde “Bedenterbiýe”, “Zähmet“, “Biziň işimiz” atly burçlar döredilip, olar degişli esbaplar bilen hil we mazmun taýdan talabalaýyk enjamlaşdyrylýar.
Ýeri gelende bellesek, toparyň okuw otagynyň bezeg işleri çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda gözellik, hil we çaganyň daş-töwerekdäki zatlary kabul edip bilijilik ukybyna laýyklykda geçirilmegi maksadalaýykdyr. Toparyň okuw otagynyň ýörite tekjelerinde usuly gollanmalar, okuw kitaplary, ertekiler, hekaýalar we gowy hilli taýýarlanylan okuw-görkezme esbaplary öz beýanyny tapmalydyr. Toparyň okuw otagynda „Tebigat”, „Nobatçylyk” atly burçlar döredilip, olar gerekli esbaplar bilen hil we gözellik taýdan talabalaýyk gurnalyp, ol okuw-terbiýeçilik işinde netijeli peýdalanylýar. Toparyň oýun otagy çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalar dünýäsine degişli dürli şekiller, suratlar bilen hil taýdan talabalaýyk bezelýär. Şunda çagalar bilen sapakdan daşary many-mazmunly oýun işlerini guramak üçin ýörite many-mazmunly oýun burçlarynyň ähmiýeti uludyr. |

Toparyň oýun otagynda (böleginde) çagalar özbaşdak oýnar ýaly ýörite şertler döredilmeli, şeýle-de many-mazmunly oýunlara degişli oýnawaçlary we oýun esbaplaryny ýerleşdirmek üçin ýörite tekjeler bolmaly. Toparyň oýun otagynda (böleginde) çagalar bilen sapakdan daşary many-mazmunly oýun işlerini guramak üçin ýörite many-mazmunly oýun burçlary döredilmeli. Mysal üçin, bakja toparlarynda: „Maşgala”, „Oýnawaçlar dükany” hem-de “Duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar” burçlary; Kiçi we orta toparlarda: „Maşgala”, „Dükan”, „Saglyk öýi”, „Aşhana”, „Ulaglar” atly mazmunly oýunlar we „Ertekiler dünýäsi” burçlary; Uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparynda „Maşgala”, „Dükan”, „Saglyk öýi”, „Dellekhana”, „Ulaglar”, „Köçe-ýol hereketi”, „Kitaphana”, „Mekdep” atly mazmunly oýunlar we „Ertekiler dünýäsi” burçlary döredilmeli we ol burçlar hil, gözellik, millilik taýdan, şeýle-de arassaçylyk kadalarynda bildirilýän talaplara laýyklykda taýýarlanylan oýnawaçlar we esbaplar bilen bezelmeli.
Belläp geçsek, biz hem öz zähmet çekýän bilim ojagymyzda topar otagymyzyň bezegine, talabalalaýyk arassaçylygyna we enjamlaşdyrylyşyna jogapkärli çemeleşmek bilen bu ugurda öňdebaryjy iş terjibesini peýdalanýarys. Topar otagymyzyň degişli burçlarynyň, diwarlyklarynyň we tekjeleriniň üstüni täze serişdeler bilen ýetirip durýarys. Munuň özi çagalar bilen alyp barýan okuw-terbiýeçilik işlerimizi has netijeli we göwnejaý guramaga uly mümkinçilik döredýär.
Şeýle ajap pursatlarda arassa, ýagty, döwrebap hem-de ählitaraplaýyn sazlaşykly bezelen bilim-terbiýeçilik ojaklarynda körpe nesle terbiýe bermekde we olary mekdebe taýýarlamakda döredilýän zamanabap şertler üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys!
Aýlar ATAÝEWA,
Mary şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



