Žurnalistiň sahypasy

Täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

04-03-2024 / 12

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler ildeşlerimizi begendirýär, bu ösüşlere öz goşandyny goşmaga ruhlandyrýar. Ylym-bilim ulgamlarynda hem bu gün asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.

Şeýle asylly işleriň çäklerinde ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde professor-mugallymlaryň, şeýle-de talyplaryň işjeň gatnaşmaklarynda sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýadynda bolsa, sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Bu portal elektron resminamalary, elektron poçta ulgamyny, uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, elektron kitaplary hem-de ýokary okuw mekdepleri bilen bagly derwaýys maglumatlary özünde jemleýär. Mundan başga-da, bu portalyň kömegi bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň guramagynda döwlet we halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalardyr bäsleşiklere gatnaşyp bolýar.

Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan birnäçe konferensiýalaryň we okuw sapaklarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirip bolýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, interaktiw-multimedia maksatnamalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. 

Bilim adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi biziň her birimizi buýsandyrýar.

Şanur ŞYHYÝEW,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu