
Türkmen topragy — beýik Magtymguly Pyragynyň Watany. Onuň gadam yzyny goýan, şypaly howasyndan dem alan ýurdy. Şonuň üçin bu gadymy hem müdimi toprak akyldaryň beýik ruhy bilen dem alýar. Halkymyz onuň şygyrlaryny dillerine sena edip ýaşaýar. Şahyryň beýik mirasy hemişe öwrenilmeli ruhy baýlyk.
Şygyr äleminiň, şol sanda keramatly söz mülküniň eýesi hasaplanýan asylzada şahyrymyzyň döredijiligi giň göwrümli, özboluşly bir dünýädir. Onuň dürdäne şygyrlary owsun atyp, çar künjege anbar ysyny saçýan türkmen sährasynyň läle-reýhan güllerine meňzeýär. Munuň özi-de şahyryň şygyrlarynyň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem söýlüp okalýandygyndan, Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň has-da belentliginden habar berýär.
Akyldar şahyrymyz döredijilik äleminde özüniň şygyrlary bilen ähli temalara diýen ýaly ýüzlenipdir. Şahyryň dürli ugurlarda döreden şahyrana eserleri türkmen edebiýaty bilen bir hatarda dünýä edebiýatynyň hem baýlaşmagyna binýat bolupdyr. Şeýle temalaryň biri-de watanperwerlikdir. Watansöýüjilik şahyryň döredijiliginiň esasyny düzýär diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Onuň «Äleme belgilidir» atly şygrynda:
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly Gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr
— diýen çuňňur many-mazmuna ýugrulan setirleri watançylyk temasynda döreden şygyrlarynyň gözbaş urbasydyr. Çünki göbek ganyň daman ýeri ynsanyýet üçin mukaddeslikleriň biridir.
Dürli syrly sowallaryň jogabyny tapyp, emma özi durşy bilen syrly sowala öwrülen Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly goşgusy merdana halkymyzyň mizemezliginiň güwäsi bolup ýaňlanýar:
Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.
Terki-dünýä eýleýir ol, gelse rakyp gaşyna,
Bil, polatdan bina bolan, budur türkmen galasy.
Şahyryň beýik mirasy hemişe öwrenilmeli ruhy baýlyk. Onuň goşgularyny hernäçe okadygyňça, ol okyjynyň alnynda täze zatlary açýar. Şahyryň beýik poeziýasy — ylham akabasy.
Aziza ALLAMOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



