
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdebimiziň zenanlar guramasy tarapyndan geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň açylyşy boldy. Mekdebimiziň zenanlar guramasynyň agzalary bolan talyp gyzlarymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okamakda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan bölekleri ýatdan labyzly aýtmakda özara bäsleşdiler.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni asylly dessurlara laýyklykda geçirilýär we döwletimiziň zenanlara bolan üns-aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar we suratkeşler enä tagzym edipdirler, zenan gözelliginiň, olaryň maşgala gymmatlyklaryna hem-de Watana bolan wepalylygynyň waspyny ýetiripdirler. Häzirki nesiller paýhasly pederlerimiziň wesýetlerine eýerip, zenanlara bolan hormat ýörelgelerini dowam etdirýärler.
Zenanlaryň sarpalanýan, olaryň mukaddeslige deňelýän ýurdunda ýaşamak, okamak, döredijilikli, halal zähmet çekmek uly bagtdyr. Bu gün şeýle bagtdan paýly türkmen zenanlarynyň zähmetine uly baha berilýär. Her ýylyň 8-nji martynda kiçi ýaşly gyzjagazlarymyzdan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli bagtyýar zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelerimize Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy zenanlaryň belent başyny göge ýetirýär.
Tawus IBRAGIMOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby, zenanlar guramasynyň agzasy.



