
Zenanlary mertebelemek, olara durmuşda ähli ýeňillikleri döretmek halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biridir. Maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlar bu günki gün türkmen jemgyýetinde iň sylanylýan, arzylanylýan ynsanlardyr.
Ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de olary mynasyp terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, nusgalyk görüm-göreldesi, çeken halal zähmeti, jemgyýetçilik işjeňligi bilen tapawutlanan zenanlaryň «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolmagy zenanlara goýulýan belent hormat-sylagdan nyşandyr.
Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat möçberinde pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary dowam edýär. Baýramçylyk şatlygymyzy has-da artdyran bu serpaý biz — zenanlaryň göwnüni galkyndyrýar.
Ähli zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüregimizde beslän alkyşlarymyz çäksizdir.
Ogulgurbаn GАRАJАÝЕWА,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.



