
Häzirki wagtda beýleki birnäçe nusgawy edebiýatymyzyň görnükli söz ussatlary bilen birlikde, Magtymgulynyň edebi mirasyna hem ýokary baha berilýär hem-de onuň eserleri ylmy esasda düýpli öwrenilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Geçen ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan hormatyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň paýhas ummanynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini watansöýüjilik, ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär. «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, zowal bar» ýaly şygra siňen pähimleri bu günki gün halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.
Watana bolan çäksiz söýgi, uly guwanç Magtymgulynyň şygyrlarynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle gyzgyn mähir bilen ol il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly, gözel durmuşda ýaşamagyny, ähli işleriniň rowaçlanmagyny, «ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny» arzuw edipdir. Munuň üçin bolsa ol, ilkinji nobatda, parahatlygyň zerurdygyna düşünipdir:
Türkmen ilim, eý, adamzat,
Azat il, güzer gözlär men.
Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamydyr. Täze taryhy zamanamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna çuň düşünmäge, has-da içgin öwrenmäge şert döredýär. Şahyryň edebi mirasy, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygydyr, umumadamzat gymmatlygydyr.
Güljahan HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiya fakultetiniň Metallary işläp bejermegiň tehnologiýasy we maşynlary toparynyň 1-nji ýyl talyby.



