Žurnalistiň sahypasy

Akyldar şahyryň edebi mirasy — umumadamzat gymmatlygy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

02-03-2024 / 12

Täze taryhy eýýamymyzda milli ruhy-edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de ony dünýä ýaýmak işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek barada edilýän aladalaryň nyşanydyr. Kämil nesli kemala getirmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Akyldar şahyryň çeper döredijiligi türkmen durmuşynyň täsin aýnasydyr. Onuň filosofik mazmunly şygryýetinde durmuşy meseleleriniň parasatly çözgüdi aýdyň beýanyny tapýar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň «Ýeldim tut!» bölüminde hem täsirli wakalaryň üsti bilen delillendirilýär. Eserde paýhasly türkmen gojasy Berkeli aganyň çeper keşbiniň üsti bilen halkymyza muwapyk bolan ahlak häsiýetleri hem-de ýaşaýşyň ölçegleri barada söhbet açylyp, Magtymguly Pyragynyň ýiti paýhasyndan kemala gelen setirlere sada dilde düşündiriş berilýär.

Magtymguly «Sil biläni» atly goşgusyndaky «Magtymguly, aýbyn ýapar, // Aş, gylyj-u til biläni» diýen setirlerinde türkmen ýigidiniň özboluşly keşbini döredipdir. Şahyryň pikirine görä, mert ýigide üç sany zat mahsusdyr. Olaryň ilkinjisi aşdyr. Aş sahylygy, jomartlygy aňladýar. Märekä hezzet-hormat hem-de sahylyk edip bilýän adam mertdir. Mert ýigidiň ikinji bir ahlak sypaty, onuň islendik pursatda Watany goramaga taýýar bolmagydyr. Mertligiň üçünji sypaty tildir. Til — suhangöýlük. Mert ýigit özüniň dilewarlygy, hoşsözlüligi hem-de suhangöýlügi bilen adamlaryň göwnüni galkyndyrmagy başarmalydyr. Şu üç sypata eýe bolan mert ýigidiň keşbi şahyryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Terbiýäniň bu görnüşi halkymyzyň durmuşyna oňyn täsirini ýetiripdir.

Beýik şahyryň dana setirleri asyrlar içre öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Şahyryň şygyrlarynda milli ahlak-terbiýeçilik mekdebi köp asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen ýörelgeler bilen utgaşýar. Şeýle-de şygyrlarda türkmeniň milli däp-dessurlary, salamlaşmak, hal-ahwal soraşmak edähedi, ata-eneňi gözüň göreji ýaly arzylamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, agzybirlik, akgöwünli, adalatly bolmak ýaly edep ýörelgeleri çuňňur pähim-parasada ýugrulyp kämilleşdirilipdir.

Gülşat HAÝYTMYRADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ Agronomçylyk fakultetiniñ Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniñ 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu