Žurnalistiň sahypasy

Ady äleme dolan beýik söz ussady

01-03-2024 / 17

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň köp ugurly döredijilik dünýäsi umumadamzat edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orny eýeleýär.

Gündogaryň beýik akyldary hökmünde dünýä halklarynyň arasynda giňden tanalýan we söýlüp okalýan dana şahyrymyzyň şygyrlarynyň her biri ynsanyň kalbynda belent adamkärçilik, watansöýüjilik ýaly arassa ahlakly ýaşamak  duýgularyny oýaryp, ynsan kalbynda uly orun alýar. Şeýle-de şirin dilli söz ussadynyň ylmy garaýyşlarynda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçilýär. Iň ýagşy sözleri, il oňlaýan gylyk-häsiýetleri beýik ussatlyk bilen şygyr setirlerine siňdirip bilmek diňe şeýle ägirtlere başardýandyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda millilik bilen birlikde ynsan häsiýetlerini, adamkärçiligiň beýik sypatlaryny kesgitleýän garaýyşlaryň hem agdyklyk edýändigini bellemek gerek. Beýik söz ussadynyň setirlerinde mertlik, ar-namyslyk, kalpy päklik, rehim-şepagatlylyk salyhatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetler çuňňur öz beýanyny tapýar.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de filosofik garaýyşlary, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasynda goýlandyr.

Umuman, şu günler Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatyny dünýä ýaýmak babatda saldamly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyrymyzyň, türkmen we türki dilli halklar bilen bir hatarda, ähli milletlerdir halklar tarapyndan ykrar edilmeginiň esasy sebäbi, eserlerinden duýluşy ýaly, onuň ýüreginiň halk, adamzat we dünýäniň abadançylygy diýip urmagyndadyr.

Gülsenem GURBANOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyryşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu