Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

29-02-2024 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan 2024-nji ýylda hem ýurdumyz üstünliklere beslenýär. Üstümizdäki ýyl beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga uly sylag-sarpanyň hem-de guwanjyň ýylydyr. Şu guwançly ýylda ösüp gelýän ýaşlarymyzyň arasynda meşhur türkmen danasy, akyldar, dünýä poeziýasyna gymmatly goşant goşan şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen, etrabymyzyň 28-nji orta mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda “Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni Maksatmyrat Täçmuhammedow, etrabymyzyň 28-nji orta mekdebiniň müdiri Gülaýym Ýagmyrowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlarymyza Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda ahlak, mertlik, adalatlylyk, söýgi, watançylyk, ynsan gatnaşyklary, agzybirlik we başga-da birnäçe temalara uly orun berilýändigini nygtadylar. Sözleriniň soňunda bolsa milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlaryň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuwladylar.

Tawus AŞYROWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu