Žurnalistiň sahypasy

Sarpasy belent, Pyragy!

01-03-2024 / 13

Magtymguly türkmen halkynyň milli şahyry, ruhy halypasy, durmuş mekdebi. XVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda   ýaşaýar. Şahyr nusgawy edebiýatyň we jemgyýetçilik aňynyň ösüşine örän uly goşant goşan şahsyýetdir. Sözüň doly manysynda, nusgawy edebiýatyň esaslandyryjysy bolan Pyragy milletimiziň milli mertebesdir, türkmeniň durmuş taglymatynyň  mekdebidir.

Şahyryň ajaýyp döredijiligi we baý edebi mirasi diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş dünýä edebiýatynyň hem altyn hazynasyna öwrüldi. Magtymgulynyň pelsepewi şygyrlary umumadamzat ähmiýetli bolup, ähli döwürleriň dowamynda öz gymmatyny saklaýar. Şoňa görä-de akyldaryň filosofiýa we ýaşaýyş hakykatyna ýugrulan eserlerini we ömür ýoluny bütin dünýäň edebiýatçy alymlary içgin öwrenmäge çalyşýarlar. Şahyryň golýazmalary, ol hakyndaky maglumatlar hem-de kämil pelsepewi eserleri iň naýbaşy muzeýleriň görnükli ýerinde bahasyz gymmatlyk hökmünde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Türkmen danasynyň dünýä ýurtlarynda binýat edilen ýadygärliklerine edilýän tagzyma ser salanyňda hem şahyryň edebi mirasyna jahan halklarynyň ajaýyp garaýyşyny duýmak bolýar. Onuň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigini bellemek bolsa has-da ýakymlydyr.

Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlaryny bir agyzdan goldap, degişli çözgüdi kabul etdiler.

Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa türkmen söz ussadynyň kämil döredijiliginiň dünýä giňişliginde uly ykrar tapýandygyny görkezýär. Munuň özi beýik danasy, akyldar şahyry bolan merdana türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, ylmyna, edebiýatyna we sungatyna goşan ägirt uly goşandygynyň güwäsidir. Diýmek, türkmen adyny beýgelden türkmen şahyry, filosofy, akyldar alymy diňe bir ýurdumyzda däl-de, tutuş dünýäde uly meşhurlyga hem-de belent abraý-mertebä eýedir.

Köňle gelenini taraşlap şagladan ägirdiň juda çeperçilik bilen sünnä dilde beýan eden şygyrlaryny okanyňda, many ummany gulaçlaýarsyň, saza goşup diňläniňde ruhy galkynyşy duýýarsyň. Şahyryň öwüt-ündewe, yşky-lirika ýugrulan goşgularynyň halk heňlerine goşulyp ýerine ýetirilmegi bolsa owazly dünýä aýratyn ýaraşyk berýär. Elbetde, ajaýyp aýdymlara öwrülen şygyrlar şirwan perdeleriň üsti bilen belende galyp üýtgeşik sungat eserini emele getirýär.

Ogulsenem SÄHEDOWA,
Murgap etrabyndaky 7-nji «Gülzaman» çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu