
Halkymyzyň köňül şygaryna öwrülen hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri ýaşlaryň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjelerimizi, söýgimizi belende galdyrýar. Ähli bilimlerimizi hem-de başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna bagyş etmäge ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, dürli ugurlardan kämil baş çykarmaklary babatda giň mümkinçilikleriň döredilmegi olaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna gönükdirilendir.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze kitapda: «Biz Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny kabul etdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi agza bolmagy onuň ilkinji miweleriniň biridir. Munuň özi Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny görkezýär» diýip, örän jaýdar bellenilýär.
Ýaşlar — döwletiň we dünýäniň geljegi. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda ýaş neslimiziň bagtyýar durmuşy we geljegi barada elmydama tükeniksiz alada edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Gaýgysyz ÝUSUBOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy.



