Žurnalistiň sahypasy

Sport we bedenterbiýe — ýaşlaryň endigi

28-02-2024 / 17

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýetilýän sepgitler barada oýlanmagyň özi bagtlylykdan nyşan. Eziz Diýarymyzyň köpugurly ösüşiniň ýekeje pudagy — sport ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň etmek bolsa, has-da ýakymly.

Ýokary netijeli sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar, olaryň gazanan medallary we ýeňişleri eziz Diýarymyzyň abraýyny hem-de türkmenistanlylaryň ata Watanymyza buýsanjyny artdyrýar, milli sport mekdebini mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Eziz Diýarymyzda sport bilen muşgullanjak her bir adam üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Diňe paýtagtymyzda däl, eýsem welaýat merkezlerimizdir etraplarymyzda-da dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport toplumlary, mekdepleri gurlup, türgenleriň hyzmatyna berildi. Döwrebap sport-sagaldyş düzümlerini giňeltmek, olaryň dünýä ölçeglerine kybap gelmegi üçin düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzda gurulýan bilim we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisiniň taslamalary hökmany ýagdaýda örän gowy abzallaşdyrylan sport zallaryny, basketbol hem-de woleýbol meýdançalaryny, suwda ýüzülýän howuzlary, tennis kortlaryny we beýlekileri özünde jemleýär. Şeýle maksatly desgalaryň ýene onlarçasy gurulýar. Bu bolsa biziň buýsançly başyny has-da Arşa göterýär.

Batyr ABDYRASULOW,
Çärjew etrabyndaky 34-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu