Žurnalistiň sahypasy

Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy

29-02-2024 / 20

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär.

Magtymguly Pyragy berkarar döwlet isläpdir, halky agzybirlige çagyrypdyr, ajap eýýamy arzuwlapdyr. Şonuň bilen birlikde-de, adam ruhunyň, ahlagynyň, kämilliginiň, durmuş gatnaşyklarynyň sazlaşygynyň ýaşaýyş üçin iňňän zerurlykdygyny öz halkynyň aňyna, düşünjesine ornaşdyrmaga çalşypdyr. Durmuşyň daýanjynyň, ýaşaýşyň berk kepiliniň birek-biregi goldamakdygyna, ynsanperwerlikdigine, adamyň elmydama haýryň, ýagşylygyň tarapyny tutmalydygyna halky ynandyrypdyr. Türkmen halky asyrlarboýy şu ynanja uýup gelýär. Şahyryň dana paýhasyny kalbynda göterýär, nesilden-nesle geçirýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň häzirki beýik döwrüni arzuwlan, öz halkynyň mertebesini şygyr bilen beýgelden Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeginde, şeýle hem daşary ýurtlarda dabaralanýar.

Akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga, onuň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açyp görkezmäge, şunuň bilen birlikde, Ýer ýüzünde parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan netijeli ynsanperwer dialogy, dostluk gatnaşyklaryny, halklaryň arasyndaky düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Gülzada GULMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu