
Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi netijesinde eziz Diýarymyzda halkara derejeli sport ýaryşlary giňden geçirilýär. 2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi ata Watanymyzyň sportdaky at-abraýyny has-da belende göterdi. Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň türgenleriniň gazanan üstünlikleri has-da guwandyryjydyr.
Bu iri halkara ýaryşynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelmegi bagtyýar raýatlarymyzyň göwünlerini has-da belende galdyryp, sport türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gözel paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berlen sport toplumlary sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň sagdyn ruhda terbiýelenmegine uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz sporty dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ählumumy serişdesi hasap edýäris. Şu nukdaýnazardan, Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda iri sport taslamalary amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, ata Watanymyzda iri sport ýaryşlarynyň, şol sanda Aziýa oýunlarynyň, yklym birinjilikleriniň we dünýä çempionatlarynyň ýokary derejede guralmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär» diýip nygtamagy Watanymyzda sportuň we bedenterbiýäniň halkara derejesinde ösdürilmegine uly üns berilýändigini görkezýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta uly üns berilmegi ýaş nesli diýseň begendirýär. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak — sagdyn we bagtly durmuşyň girewi.
Magtymguly ESENOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.



