
Täze taryhy döwrümizde bagtdan paýly türkmen zenanlarynyň zähmetine uly baha berilýär. Her ýylyň 8-nji martynda kiçi ýaşly gyzjagazlarymyzdan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli bagtyýar zenanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelerimize Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy zenanlaryň belent başyny göge ýetirýär.
Türkmen zenanlarynyñ jemgyýetimizde eýeleýän ornunyñ berkidilmegi, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän giň möçberli asylly işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu günki günde bagtyýar türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde we jemgyýetçilik işlerinde ukyp-başarnyklary, bilim-zehinleri we gazanan tejribeleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen zenanlarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, milli ýörelgelerimizi dowam etmekde we nesil terbiýelemekde alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.
Zenanlar öý-ojagyň söýesi, çagalaryň saýasy hasaplanylýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgisi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Mähriban enelerimiziň hüwdüsinden ganat alan perzentler bolsa il ýurda, ata Watana wepaly nesiller bolup ýetişýärler. Munuň özi jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala getirilmegi, sagdyn ösdürilmegi we zamanabap düşünjeli, milli terbiýeli ogul-gyzlaryň sanynyň barha artmagyna itergi berýär.
Ähli zenanlarymyza uly hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüregimizde beslän alkyş-hoşallyklarymyz çäksizdir.
Ogulnar ORAZMYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



