
Türkmenistanyň lukmançylyk tejribeleri halkara derejede ykrar edilýär. Bu bolsa gatnaşyklaryň täze ugry — lukmançylyk diplomatiýasynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Ýakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de GFR-iň Mýunhen şäherindäki Ýewropa çagalar ýürek merkeziniň arasynda doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagy degişli ugurda özara bähbitli işleri amala aşyrmaga uly itergi berer.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda esasy hyzmatdaşlarynyň biri-de Germaniýa Federatiw Respublikasydyr. Bu gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup, däp bolan hyzmatdaşlygyň netijesinde köpugurly öňegidişlikler gazanylýar.
Doga ýürek kemisliklerini bejermek boýunça hyzmatdaşlykda täze gözýetimleri açjak Ylalaşyga gol çekilmegi Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn tejribe alyşmak ýörelgesiniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, dünýä lukmançylyk tejribesinde gazanylan üstünlikleri milli lukmançylyga ornaşdyrmaga, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilendir.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi hem möhüm waka bolupdy. Olaryň çäginde häzire çenli ençeme netijeli işler amala aşyryldy. Şeýle işleriň hatarynda saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Gurbanmyrat AŞYROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



