Žurnalistiň sahypasy

Dil konsepsiýasy hereketde

26-02-2024 / 15

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň binýatlaýyn esasy barha pugtalandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Şol işleriň hatarynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegi ugrunda edilýän aladalar hem bar.

Şu maksat bilen, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Konsepsiýada ýurdumyzda okadylýan daşary ýurt dilleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň bu ugurda bilimlerini artdyrmak, milli okuw işine halkara tejribesini ornaşdyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan daşary ýurt dili dersleriniň sany artdyryldy, täze okuw maksatnamalary girizildi, rus we iňlis dilleri sapaklaryndan başga-da, fransuz, nemes, ýapon, hytaý, koreý dilleri orta mekdepleriň maksatnamalaryna goşuldy. Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýar talyplary bu babatda has giň mümkinçiliklere eýedirler. Ýurdumyzda hereket edýän ähli ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dili dersleri okadylýar, olaryň birnäçesinde daşary ýurt dilleri mugallymlary we aýratyn dillere ýöriteleşen hünärmenler taýýarlanýar. Talyplar dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna esaslanýan gollanmalaryň esasynda bilim alýarlar, okuw tejribeliklerinde nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde pugtalandyrýarlar. Daşary ýurt dilleri hünärleri boýunça bilim alýan talyplara öwrenýän dilleri boýunça daşary ýurtly hünärmenler hem sapak berýärler, talyplaryň gatnaşmagynda olaryň türkmen kärdeşleri bilen bilelikde okuw-usuly maslahatlary, duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, daşary ýurt dilleri boýunça bilim alýan talyplara geçirilýän halkara maslahatlara, forumlara, sergilere, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredildi. Meýletinçi we terjimeçi hökmünde halkara çärelerine gatnaşýan ýaşlar öz bilimlerini çuňlaşdyrmak we gözýetimlerini giňeltmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagyna goşant goşýarlar.

Ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Faruh BURANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu