Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäherinde döwrebap oba hojalyk şäherçesi

28-02-2024 / 17

Ýakynda, 24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwlet ähmiýetli şäherde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bilen tanyşmagy, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynyň netijeleri bu ugurdaky tagallalaryň has-da rowaçlanýandygynyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän ýokary okuw mekdebiniň dolandyryş düzüminiň işini talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, bu işleri yzygiderli kämilleşdirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Munuň özi onuň dolandyryş we hojalyk işleriniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeginde aýratyn ähmiýetlidir. 

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 16-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanşanda, uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, ýakyn geljekde «akylly» şäherde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörediljekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň gurulmagynda çuňňur manynyň bardygyna, taryhdan belli bolşy ýaly, dag etekleriniň hoştap howasynyň, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan suwly akabalaryň daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edendigine ünsi çekdi. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi bu ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegine, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

Oba hojalygynyň, irki ekerançylygyň we maldarçylygyň ösen gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurmak başlangyjyny öňe sürüp, bu ugurda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Atajan ÝAZGELDIÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu