
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaşlaryň bähbidine hyzmatdaşlyk täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky uly ähmiýetli wakadyr.
Geçen ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkara ykrarnama ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly Ýaşlaryň halkara maslahaty, şeýle hem noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlanan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy, Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmekde aýratyn orun degişli bolan taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy.
Goý, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Jelal SAPAROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mеhаnikа-tеhnologiki fаkultеtiniň 2-nji ýyl talyby.



