
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagy uly üstünliklere beslenip tamamlanan buýsançly şygarly ýylymyzy has-da dabaralandyryp, ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine buýsanýan ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňligini artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Çünki adamzat jemgyýetiniň ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlaryň ukypdyr zehininiň bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilmegi bolsa durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir» diýýän sözleri ýaşlary Watanyň, halkyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine dahylly işlerde yhlasly, gujurly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Bu kitapda bellenilişi ýaly, terbiýe we tejribe — ynsan kalbynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän beýik işleri esasynda gazanýan ähli üstünliklerimize eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlaryň uly goşandynyň bolmagy has-da buýsançlydyr. Pederlerimiziň asylly ýörelgeleri, Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň nusgalyk göreldesi esasynda terbiýelenýän türkmen ýaşlaryna watansöýüjilik we zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, dostluk ýaly häsiýetler mahsusdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir.
Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, bagtyýar türkmen ýaşlaryna Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň bähbidine mynasyp zähmet çekip, uly yhlas, gujur-gaýratlary, zehinleri bilen goşant goşmaga ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Arzygül HALLYÝEWA,
Saýat etrabynyň 6-njy orta mekdebiniň iñlis dili mugallymy.



