
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda her bir sapagy dürli usullarda gyzykly, kämil guramak, netijeliligini ýokarlandyrmak, çagalaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak terbiýeçä bagly bolup durýar.
Çagalar bagynda guralýan sapakda çaga nähili hem bolsa özüni täsin galdyrýan zady görmese, onuň sapaga gyzyklanmasy peselýär. Çagalaryň sapaga gyzyklanmasyny artdyrmagyň täsirli serişdeleriniň biri hem sapak wagtynda we sapakdan daşary geçirilýän öwrediji oýunlardyr. Bu usul çagalarda sapaga bolan oňyn gatnaşygy emele getirýär, okuw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Sapagy usuly taýdan dogry guramak oýun esasynda alyp barmakdan, çagalaryň özbaşdak işläp bilmeklerini gazanmakdan, okuw-görkezme esbaplaryndan, okuw serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Şonuň üçin terbiýeçi sapakda çagalaryň ünsüni çekjek dürli görnüşli oýunlary, didaktiki serişdeleri, ýumuşlary ulanmalydyr. Öwrediji oýunlar çaganyň bilesigelijiligini oýandyrýar, akyl ýetirijiligini, logiki pikirlenmäni, duýgurlygy işjeňleşdirýär.
Sapakda oýunlary guramak terbiýeçiniň oňat taýýarlygyny we ussatlygyny talap edýär. Çaganyň sapaga bolan gyzyklanmasyny öwrediji oýnuň düzümine girýän görkezme esbaplar bilen ýokarlandyryp bolýar. Bu işleri sapagyň dürli görnüşlerinde geçirmek bolýar. Çagalar bagynda terbiýeçi çagalar bilen geçýän gündelik sapaklaryny döredijilikli guramaga, dürli serişdeleri her bir tema laýyk getirmäge, olary gerekli ýerinde ulanmaga ukyply bolmalydyr. Öwrediji oýnuň netijeli bolmagy üçin oýunda nähilidir bir täzelik bolmaly. Çagalary gyzyklandyrýan oýunlary saýlap almaly.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýeçi geçirilýän her bir sapakdaky temany çaganyň aňyna doly ýetirmek maksady bilen dürli öwrediji oýunlary çaganyň ýaş aýratynlygyna, maksatnama mazmunyny özleşdirişlerine görä peýdalanmagy başarmalydyr.
Çagalar oýunlaryň üsti bilen tebigy zatlaryň häsiýetli aýratynlyklaryny tanamak, daşky görnüşini tapawutlandyrmak, ysyny, gatydygyny, ýumşakdygyny bilmek ýaly düşünjeleri anyk ýüze çykarmagy öwrenýärler. Çagalaryň interaktiw tagtanyň galamyny ulanmak bilen şekilleri degişli ýerinde goýmagy, san bilen baglanyşykly monjuklary düzmegi el barmaklarynyň ownuk hereketlerini ösdürýär. Ownuk hereketleriň ösmegine plastilin, konstruktor toplumy bilen işlemek hem uly ýardam edýär. Öwrediji oýunlaryň mazmunyna okuw maglumatlarynyň siňdirilmegi mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan çagalar üçin her bir düşünjäni özleşdirmegiň iň oňaýly usulydyr, terbiýeçi üçin bolsa sapagy gyzykly, işjeň usulda, döwrebap guramagyň we netije gazanmagyň açarydyr.
Zöhre ŞAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 6-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



