Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan bilen ÝHHG 40-a golaý taslamany amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

26-02-2024 / 5035

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Bu düzüm bilen gatnaşyklar netijeli, yzygiderli häsiýete eýe bolup, giň ugurlary öz içine alýar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen, degişli toplumlaýyn çäreler görülýär.

23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri paýtagtymyzda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder.

Ynsanperwer ulgamda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol taslamalarda ylym we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Jennet MYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu