Žurnalistiň sahypasy

Maksatlar belent, wezipeler aýdyň

26-02-2024 / 72

Bilşimiz ýaly, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler kesgitlenilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek, türkmen halkynyň gadymy medeni mirasyny, şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmek we milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly çuňňur mazmunly çykyşy halkymyzyň bagtly geljegine gönükdirilen işleriň ajaýyp beýany boldy. Şeýle hem mejlisde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şu ýylyň şygarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýan beýik şahyrymyz hem-de Milli Liderimiziň akyldara bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusy bilen baglanyşykly bolmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi türkmen halkynyň Beýik Ogluna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat-sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Biz – jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde tagallalarymyzyy, zehin-başarnyklarymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrdyrýarys. Ýurdumyzyň geljegini döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ykdysady mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak arkaly ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şöhrat JODYÝEW,
TDP-niñ Köýtendag etrap komitetiniñ bölüm müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu