Sagdyn durmuş

Ukynyň saglyga täsiri

26-02-2024 / 11

Wagtly-wagtynda ukyny almak adam saglygy üçin örän möhümdir. Hünärmenler ukynyň adamyň diňe saglygyna peýdasy bolman, eýsem, şähdiňi açýandygy barada hem aýdýarlar. Ortaça hasap bilen alnanda adamlar wagtynyň üçden bir bölegini uklap geçirýärler.

Adamyň sagdyn hem-de netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan mahaly, onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Belli bir sesleri, yşyklary ukudaky adam saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär.

Gündizki arakesme döwri adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky wagtynda beden rahatlanýar we ähli ulgamlaryň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin uky hökmandyr.

Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir.

Gülbahar HYDYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu