
Bu tebigy ýagdaý: janly-jandaryň ýaşaýşy suw bilen. Gülläp ösüş hemişe suw bilen baglanyşyklydyr.
Suw özüniň fiziki we himiki düzümleri bilen tapawutlanýar. Alymlar ençeme ýyldan bäri suwuň näme üçin tebigatda üç halda bolýandygyna jogap tapyp bilenoklar. Diňe suw gaty, suwuk we bug görnüşinde bolýar. Suwuň ýene bir aýratynlygy: onuň dykyzlygy pes derejeli (minus) gyzgynlykda giňelýär, ýokary derejede gysylýar. Bilşimiz ýaly, tebigatdaky her bir madda pes gyzgynlykda gysylýar, emma suw welin giňelýär. Suwuň bu häsiýetini gadym döwürlerde ulanypdyrlar. Demirgazykda ýaşaýan halklar gurluşyga gerek daşlary daglardan almak üçin doňaklyk başlamanka, olaryň arasyndaky jaýryklara suw guýupdyrlar. Günortada ýaşaýan halklar bolsa tebigy çig maly (altyny, kümşi, misi we ş.m.) almak üçin sowuk başlandan daşlaryň arasyna agaç kakyp, suw guýupdyrlar. Suwuň bu häsiýetini agaç bölekleriniň arasyndaky damarjyklardaky suw kapillýarlary güýçli basyşy emele getirýär diýip düşündirýärler. Ösüş döwründäki tohumyň suwy birnäçe esse atmosfera basyşyna eýe bolup bilýär. Ine, şonuň üçinem ýarylan daşyň arasynda ösümlikleriň ösmegi üçin amatly şertler döreýär.
Alymlar suwuň ýadynyň bardygyny aýdýarlar. Ol daş-töwereginde bolup geçýän her bir hadysany, wakany ýadynda saklap bilýär. Haýsydyr bir madda ýa-da jisim suwa galtaşanda, onuň fiziki häsiýeti, himiki düzümi, görnüşi we gurluşy baradaky ähli maglumaty suw özünde saklap galyp bilýär.
Ilkinji ýaşaýyş hem suwda döräpdir. Ynsan hem enäniň göwresinde dokuz aýlap suwda bolýar. Adam bedeniniň aglaba bölegi-de suwdan ybaratdyr. Doglan ýerindäki suwuň gurluşy bilen şol adamyň bedeniniň suwunyň düzüminiň birmeňzeş bolýandygy tassyklandy. Adamlardaky Watany söýmek we ony hormatlamak duýgusynyň bir şahasynyň şundan gelip çykýandygyny nygtaýarlar.
Suwuň gymmatyny bilen pederlerimiz oňa çäksiz sarpa goýupdyrlar. Olar guýy gazyp, käriz çekip, uly zähmet sarp edip, suw çykarypdyrlar. Şoňa görä-de, suwuň her damjasy altyna deňelipdir. Halkymyz ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa aýawly çemeleşmek barada «Suw — ata, toprak — ene», «Suw — topragyň bezegi, guw — suwuň bezegi» ýaly köp sanly çuň mazmunly nakyllary döredipdir.
Mälim bolşy ýaly, adam saglygy suwuň arassalygy we hili bilen gönüden-göni baglydyr. Ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalaryň baş ugurlarynyň biri bolup durýar.
Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



