Žurnalistiň sahypasy

Ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti

24-02-2024 / 14

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde, şunda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm waka boldy.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri durnukly häsiýete eýedir. Muňa 9-njy fewralda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan hem aýdyň göz ýetirdik. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» şu ýyl döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitleýin maýa goýum taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigi, ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegiň zerurdygy barada hem aýtdy. Watana wepaly, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Milli Liderimiziň dürdäne eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby uly ähmiýete eýedir. Olar her birimiziň işimizde ýakyn gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp kitabyndan Watanyň gymmatlygy baradaky çuň manyly jümlelere ünsi çekmegi has-da täsirli bolup, hemmämiziň buýsanjymyzy artdyrdy.

Orazjemal HOJAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demirýol ulaglary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu