
Zemine bahar pasly gadam goýanda, oýuňa onuň bilen bilelikde mähriban zenanlarymyz hem gelýär. Göwnüňe bolmasa, bu ikisiniň arasynda haýsydyr bir meňzeşlik bar ýaly. Megerem, bu zenanlarymyzyň bahar pasly ýaly mylaýymlygy, owadanlygy, mähribanlyklary ýa-da olaryň bahar paslyna meňzeýändikleri üçin bolsa gerek. Olaryň baýramynyň hut pasyllaryň soltany baharda bolmagy hem tötänlige däl bolmaly.
Her ýylyň 8-nji martynda bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni biziň Diýarymyzda hem döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Bu baýram kärhanalarda, guramalarda, edaralarda dynç alyş günleri hökmünde bellenilýän Türkmenistanyň baýramçylyklarynyň sanawyndadyr.
Dünýäniň görküne deňelýän eneleri, Zeminiň zynaty hasaplanýan gelin-gyzlary hormatlamagyň asyrlar aşan parasatly däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň özi-de eneler hakynda aýdylanlaryň, ýazylanlaryň üstüni ýetirýär, kalba ýakymly ene sözüniň, sözleri alkyşly zenanlaryň, eli çeper gyzlaryň ynsan aňyýetinde, umumadamzat durmuşynda tutýan ornuny belende göterýär.
Ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormatyň uludygyny olaryň döwlet işini dolandyrmaga gatnaşmaklarynda, jemgyýetçilik işlerinde işeňňirlik görkezmeklerinde hem görmek bolýar. Gelin-gyzlara hormat-sarpa goýmak däbine milli kanunçylygymyzda hem möhüm ähmiýet berilýär. Maşgala ojagynyň daýanjy saýylýan zenanlaryň zähmete, saglyk we durmuş goragyna, döwlet, jemgyýetçilik işlerine we medeni çärelere gatnaşmaga hem-de manyly dynç almaga bolan hukuklary milli kanunçylygymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde öz şahsy goşandyny goşup, üstünlik gazanan zenanlar «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar.
Hawa, zenanlar hakda söz açsaň, olar – durmuşyň göwher gaşy, durky hem berki. Zenan gözellik çeşmesidir. Dünýäniň ähli gözelliklerini zenan waspynda ulanýarlar. Zenan bu dünýäniň bezegidir. Türkmen ýazyny ýada salýan nepis haly, keçe, keşde, älemgoşardan reňk alan elwan matalar bularyň hemmesi hem zenan aňynyň önümidir
Mehri ROZYBAÝEWA.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň talyby.



