Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn nesil — durmuşymyzyň sütüni

22-02-2024 / 22

Halk döredijiligimiziň altyn hazynasyny dören her bir adam saglyk barada aýdylan nakyllardyr atalar sözleriniň ýüzlerçesine gabat geler. Biri-biriniň üstüni ýetirýän nakyllar ata-babalarymyzyň ynsan saglygyna nä derejede üns berendigini görkezýär. Sagdyn nesliň kemala gelmegi babatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligine görelde bolýandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna öňde goýlan maksatlara we wezipelere ýetmek ugrunda giň gerimli işler geçirildi. Geçen ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman «Tiz kömek» awtoulaglary berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köp sanlysyna operasiýalaryň geçirilmegi bilen, olaryň aýaga galandyklary, ençemesiniň birnäçe keseller boýunça barlag bejergilerini alandyklary, derman serişdeleri bilen üpjün edilendigi halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýändiginiň güwäsi. Arkadag şäherinde gurlan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş çärelerini geçirmekde möhüm orun eýeleýär. Ol hossarlyga we howandarlyga mätäç, akyl we beden taýdan ösüşine goldaw zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, olarda şahsy başarnyklary ösdürmek we saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendir.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi üçin ýüz tutan 274 çagadan 212 çaga toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Häzirki wagtda bu ýerde 34 çaga bejergi alýar. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan merkezde geçirilen bejergiler ýokary netijeleri berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Milli Liderimiziň welaýatlarymyza iş saparlaryny amala aşyranda, ilkinji nobatda, halkyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň saglygy bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ýokarydygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäherinde açylan köpugurly hassahanada, Daşoguz şäherindäki täze welaýat köpugurly hassahanasynda, Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Mary şäherindäki welaýat çagalar hassahanasynda, Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, bu ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklanmagy, bejergi alýan çagalar bilen söhbetdeş bolmagy jemgyýetimizde ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly asylly ýörelgeleriň barha dabaralanýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Saglygymyz – bagtyýarlygymyzdyr, bagtyýarlygymyz bolsa sagdynlygymyz. Şu goşa bagt hemmäniň başynyň täji bolsun! Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Leýli ÖWEZBERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Umumy gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu