Islendik döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada edýär. Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özenidir. Daş-töwerekde saglyga täsir edýän esasy üç zat — arassa suw, tämiz howa, ýokumly iýmit hasap edilýär. Arassa agyz suwy bilen halkymyzyň doly üpjün edilmegi, ýylyň-ýylyna millionlarça bag nahallarynyň oturdylmagy, gurulýan zawod-fabrikleriň ekologiýanyň talaplaryna we kadalaryna laýyk gelmegi, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmak ýaly oňyn çözülýän möhüm meseleler muňa mysal bolup biler.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde alnyp barylýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde biziň ýurdumyzyň goşýan goşandy bellenilmäge mynasypdyr. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini gazanmak bilen ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýändigi ýokardaky aýdanlarymyzyň doly güwäsidir.
Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmäge we giňden ornaşdyrmaga, temmäkä garşy göreşmäge, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga oňyn ýardam berer.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda 2018 — 2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda» Kararlaryň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy üstünlikli hereket edýär. diýmek, milletiň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.
Tylla NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.



