Žurnalistiň sahypasy

Halk hakydasynda – Magtymguly

20-02-2024 / 17

Magtymguly Pyragy — bu bir özboluşly dünýä. Oňa düşünmek üçin şahyryň ruhy dünýäsine özi bolup aralaşmaly.

Magtymgulynyň şygryýeti joşgunly hyjuwy taýdan-da, iň ýokary derejedäki milli watançylyk duýgusy meselesinde-de, önüp-ösen ýurdunyň tarypy hem-de ýaşan döwrüni umumylaşdyrmak babatda-da hakykatyň şygryýetidir. Şonuň üçin hem ol özüniň dünýä poeziýasynyň hakyky göwheri bolan ajaýyp eserlerinde halky birlige, azatlyk we özbaşdaklyk ugrundaky göreşe, ýagty geljege hyjuwly çagyrypdyr. Şahyryň çuň mazmuna ýugrulan goşgulary türkmen halkynyň ruhy-ahlak arassalygyna oňyn täsir edýär.

Magtymguly Pyragy hem sözüň güýjüni ýokary derejelere göteren şahyr. Şahyr sözüň güýjüniň täsirine ynanypdyr. Oňa ýokary baha beripdir. Ol biziň edebi mirasymyzyň baý söz ummanyny miras goýupdyr. Magtymguly atamyz:

Magtymguly many saçar,
Her kim söz lezzetin içer,
Bara-bara köňül geçer,
Täsibi ýok, arsyz ärden —

diýip belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň döredijiligine ýokary baha bermek bilen, şeýle diýýär: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr».

Beýik söz ussadynyň şygyrlary ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesle edep-terbiýe, ylym-bilim bermekde ygtybarly çeşme, taýsyz gollanma bolup durýar. Şahyryň her bir setiri, her bir sözi ýaş nesli watançylyk ruhunda, ynsanperwer, jogapkärçilikli, zähmetsöýer, bilesigeliji, bilime, ylma we hünäre höwesli ýaşlar edip terbiýelemekde, bagtyýar durmuşa taýýarlamakda uly mekdepdir. 

Göwher AGAMYRADOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu