Žurnalistiň sahypasy

Watan goragçylarymyza sarpa

22-02-2024 / 15

Watan — eždatlarymyzyň bize goýan iň uly mirasy. Bu gün şol mirasy Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary, serkerdelerimiz, Oguz kowmundan dörän türkmen gerçekleri uly buýsanç bilen goraýarlar, wepalylyk bilen ata Watanymyza gulluk edýärler. Watan goragçylarymyza hem-de olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi harby gulluga höwesi artdyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watan goragçylaryna döredilýän mümkinçilikleriň hem şertleriň geriminiň giňeýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Yzygiderli häsiýetde milli goşunymyzyň binýady berkidilip, Watan goragçylarynyň gulluk şertleri döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň merdana ogullary amatly şertlerde gulluk etmäge, watançylyk duýgy-düşünjelerini berkitmäge uly mümkinçilikler alýarlar. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerden başlap, şahsy düzümiň ähli agzalarynyň durmuş we gulluk şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän aladalar döwletimiziň goraglylygynyň mynasyp derejede üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilýär. Döwlet berkararlygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny goramak ugrunda alnyp barylýan asylly işlere mynasyp goşant goşmak bolsa uly bagtdyr.

Watanyň gaýduwsyz goragçysy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly ýaşlara nusgalyk görelde mekdebidir. Çünki bu beýik ynsan ýaşan juda manyly ömründe Watana, halka, il-güne wepalylygyň belent nusgasyny görkezipdir. Ömrüniň manysyny il­gününe sogaply, haýyrly işleri bitirmekde, alkyş almakda gören Berdimuhamet Annaýew iliň begenen ýerinde begenip, gynanan ýerinde gynanyp, elmydama iliň aladasy bilen ýaşapdyr. Berdimuhamet Annaýewiň röwşen keşbi, şanly söweş hem-de zähmet ýoly, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygy, maksada okgunlylygy, zähmetsöýerligi, halalhonlugy, jogapkärçiligi ýaş nesil üçin nusgalykdyr.

Ýeri gelende bellesek, şanly senelerde we taryhy günlerde Watan goragçylaryna döwlet sylaglary hem yzygiderli gowşurylýar. Harby gullukçylara alyp baran işlerine, tapawutlanan taraplaryna laýyklykda hünär derejeleri, harby atlary berilýär.  Olaryň Şa serpaýlary, abraýly döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mähriban Watanymyzda merdana ýurt goragçylaryna uly hormat-sarpa bilen garalýandygyny ykrar edýär.

Ata Watanymyzyň şan-şöhratyny beýgeldýän, halkymyzy baky bagta ýetiren, döredijilikli çemeleşmeler babatynda şahsy nusga görkezip, görelde bolýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň  belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Gurbanbaý GURBANBAÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 2-nji ýyl harby talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu