Žurnalistiň sahypasy

Saglygy goraýşyň ygtybarly binýady

22-02-2024 / 14

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uzak ýyllaryň dowamynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Türkmenistanda iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Bu asylly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda hem sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak boýunça daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär. «Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda döredilen Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy ilatyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri dünýä standartlaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Geçen ýylyň 1-nji iýulynda bu iri guramanyň goldaw bermeginde geçirilen halkara ylmy maslahatyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan möhüm çäreleriň biri bolandygyny bellemek gerek. Foruma ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň, institutlarynyň professorlary, hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende bellesek, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini alan Arkadag şäheri jemgyýetçilik saglygyny goramak, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmak babatda görülýän düýpli çäreleriň aýdyň görkezijisi boldy. «Geljegiň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Bu şäheriň ähli ugurlar boýunça halkara standartlara laýyk gelýän köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KTQ International GmbH» kompaniýasynyň şahadatnamasynyň, şeýle hem Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň güwänamalarynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandaky lukmançylyk edaralarynyň aglabasy, esasan, german kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir. Iki ýurduň lukmançylyk edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriniň wekilleriniň arasynda tejribe alşylýar, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumy üstünlikli hereket edýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky çemeleşmesi ählumumy “Bitewi saglyk” çemeleşmesi bilen gabat gelýär. Bu çemeleşmäniň çäklerinde saglyk bilen daşky gurşawyň ýagdaýynyň özara baglanyşygy hasaba alynýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, ÝUNISEF-niň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe boldy.

Döwrümiziň şanyna şan goşýan şeýle asylly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän, halkymyzyň asuda, parahat hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Maýa AŞYROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu