Žurnalistiň sahypasy

Bahar gelýär, adamlar!

22-02-2024 / 40

Indi gyş hem paýawlaberdi. Gijelerine gyşyň çigreginiň, gündizlerine bahar mylaýymlygynyň duýulmagy fewralyň täsinlikleriniň biridir. Onda gyşyň tämizligi, baharyň terligi bar. Halkymyzda bu möwsüme «alabahar» diýilýär. Ol şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäni «ýylda solup, baky solmaýan güllere» besleýän, «ülkämize toý bolup gelýän» baharyň buşlukçysy.

Bahar — ýaşaýyş, ömrüň dowamy. Haçan-da suratkeşler ýaşaýşy suratlandyrjak bolsalar onda olar ýaşyl reňki ulanýarlar. Şahyrlar ýaşlygy, gözelligi, söýgini hem şatlygy beýan edenlerinde pikir-duýgularyny ýaz bilen baglanyşdyrýarlar. Gowy, bagtly ýaşaýşy bolsa baharda açylan güle meňzedýärler.

Pederlerimiz bahar paslynyň özüne mahsus bolan tebigat hadysalaryna salgylanyp, ýaz paslynyň howa şertlerini öňünden bilipdirler: «Ýaz gyşyndan belli bolar, gyz — gardaşyndan», «Owaly bulut bolsa, soňy ýaz», «Togsan dolman ýaz çykmaz». Şeýle mazmunly pähimler terbiýe babatda-da örän möhüm bolupdyr. Ýaş nesiller şeýle nakyllaryň üsti bilen tebigat barada giň düşünje toplapdyrlar.

Bahara pasyllaryň soltany diýlip ýöne ýere aýdylmaýan bolsa gerek. Sebäbi ol diňe bir tebigatda däl, eýsem, ynsanlarda-da «janlanyşy», kalplarynda täzelenişi oýarýar. Şu ýerde hem ynsan bilen tebigatyň aýrylmaz baglanyşygy aýan duýulýar. Ynsan oglunyň ýüregine heser bolup dolup, oňa bir möwsüm ganat bekledýän bahara neneň gudrat diýmejek!

Ýene sanlyja günlerden diňe bir dünýäni däl, ähli ynsanlary ýazlaşdyrjak bahar gözel Diýarymyza gadam basýar. Guşlara ganat, göwünlere joşgun berýän bu pasyl ene tebigata janlanyş, täzeleniş bagyşlaýar. Baharyň gelenini ilki duýan daragtlaryň şahalarynda kindiwanja pyntyjyklar peýda bolýar. Pederlerimiziň mukaddeslik hökmünde sygynan bu gadymy ýaýla ýaşyl begrese beslenýär. Öňküsinden has uzan Gün tylla nuruny Zemine has bolluk bilen eçilýär. Ot-çöplere, mör-möjeklere jan girip, baglar saýrak guşlaryň nagmasyndan heýjana gelýär. Dünýä durşy bilen nagma – bahar mukamyna beslenýär.

Zamira EMETOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu