
Şöhratly taryhymyzdan orun alan 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hem aýratyn durlup geçildi.
Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak köpugurly wezipe bolmak bilen, ol diňe bir dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we netijeli bejermek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek wezipelerini hem öz içine alýar.
Strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamy dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Munuň özi ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy. Olaryň üsti häzirki zaman, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar.
2023-nji ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz ýöriteleşdirilen lukmançylyk desgalarynyň 3-sini gurmak barada Kararlara gol çekdi. Olar Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi we Halkara pediatriýa merkezidir. Geçen ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu desgalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Täze bejeriş usullarynyň ornaşdyrylmagy, hassalara dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň ähli hyzmatlarynyň diýen ýaly hödürlenilmegi ýokary hünär derejeli lukmanlary taýýarlamak wezipesini hem göz öňünde tutýar. Türkmen hünärmenleri hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin Ýewropanyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň lukmançylyk merkezlerine yzygiderli iberilýär.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Keselleriň öňüni almak, raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň özenini düzýär. Adamlaryň saglygy hakyndaky alada ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde garaýan we durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynyň hem ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Gülälek ÝEGENGELDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.



