
Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň” Konsepsiýasynyň kabul edilmegi mähriban ene dilimiz bilen birlikde, dünýä dillerini kämil öwrenmeklige giň mümkinçilik döretdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlara hünär ugurlaryna garamazdan, dünýä dilleriniň ençemesi öwredilýär. Dil öwretmek meselesinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwesitetiniň agzybir professor-mugallymlarynyň çekýän zähmetleri ýerine düşýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen biz – talyplara dünýä dillerini kämil derejede öwrenmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden, sanly tehnologiýanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanyp ýokary derejede sapaklar berilýär. Dil öwreniş sapaklarynda häzirki zaman ylmynyň täze gazananlaryndan ýerlikli peýdalanylýar.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwesitetiniň agzybir professor-mugallymlarynyň tagallasy bilen talyplaryň daşary ýurt dillerini has kämil derejede öwrenmekleri üçin dürli usullardan netijeli peýdalanylýar. Şol maksat bilen dil öwreniji, pikirleniş ukyplaryny ösdüriji dil bäsleşikleri, hepdelikler guralyp durulýar.
Biziň ýokary okuw mekdebimizde türkmen, rus, iňlis dilleri bilen bir hatarda, ýapon diliniň hem kämil derejede öwredilmegi talyplarda uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanda bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, daşary ýurt dillerini kämil öwretmek, dilçi-terjimeçileri taýýarlamak, şunuň bilen birlikde hem dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky asylly syýasatyna laýyklykda, “Iň gowy dil öwreniji we terjimeçi talyp”, “Kim köp dil bilýär”, “Dil – baýlyk” ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi talyplaryň dil bilmeklige bolan höweslerini we kämilligini artdyrýar. Bäsleşikde has tapawutlanan talyplara ýörite taýýarlanylan sowgatlar gowşurylýar. Bu bolsa olaryň geljekde hem daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine bolan höweslerini artdyrýar.
Orazguly HEZRETOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



