
Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr.
Geçen ýylda biziň uniwersitetimizde «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda Aşgabat şäherindäki we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky orta mekdepleriniň 9, 10, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, informatika, iňlis dili dersleri boýunça «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiada geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň jemi 30 000-e golaýy gatnaşdy. Şolaryň arasyndan birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan okuwçylar olimpiadanyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olar «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly uniwersitetiň altyn gaznasynyň I derejeli agzalygyna kabul edildi. Şeýle-de olara gymmat bahaly sowgatlar, Hormat hatlary, olaryň ene-atalaryna Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy dowam etdirmegi meýilleşdirýän okuwçylara ýörite teklipnamalar berildi. Olimpiadanyň III tapgyryna gatnaşan bäş okuwçy geçen ýyl Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine talyplyga kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi sanly ulgam arkaly iki tapgyrda geçirildi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarydyr magistrantlary I, II, III orunlara mynasyp boldy.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Humaý AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



