
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygar astynda geçdi. 2023-nji ýylyň şygarynyň many-mazmuny halkyň, esasan hem, ýaşlaryň erk-ygtyýaryna öwrüldi.
2023-nji ýylda Arkadag şäheriniň açylmagy, şeýle hem bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze obalardyr şäherçeleriň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň açylmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegine şert döreden önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi ýylyň iň guwandyryjy, buýsandyryjy wakalarynyň hataryna girdi hem-de beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylaryny täze sahypalar bilen bezedi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmenistanly ýaşlaryň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşandygyny hem-de asylly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezendigini belläp geçmek ýakymlydyr.
2023-nji ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okyjylar köpçüligine peşgeş bermeginde uly many bardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň geljeginiň ata-babalarymyzyň öwüt-ündewlerine eýerýän ýaşlarymyza bagly bolup durýandygyna uly ynam bildirýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz çuň many-mazmuna ýugrulan eserinde şeýle belleýär:
«Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türkmen ýaşlary üçin uly gollanma, geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de ähli babatda beýik galkynyşlara eýe bolmagy üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýandygyny belläp geçmek möhümdir.
Gunça HATAMOWA,
TMÝĢ-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni.



