Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar üçin gymmatly gollanma

19-02-2024 / 17

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň giň garaýyşlara hem-de gymmatly pikirlere baý bolan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri diňe bir ýaş nesilleriň däl, eýsem, ähli halkymyzyň ýankitabyna öwrüldi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabyň «Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýen bölüminde: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne döreýän jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar» diýip belläp geçýär. Hakykatdan hem, beýik işler halka daýanylyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan tutumlardyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda ýaşlaryň bilime, okamaga bolan höwesiniň ýokary bolmalydygy ündelýär. «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip bellemek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň bilime bolan höwesiniň ýokary bolmalydygyny nygtaýar. Bu bolsa geljegiň bilimli, ylymly ýaşlara bagly boljakdygyny alamatlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserindäki her bir jümle maňzyňa batýar. Kitapdaky: «Geçilen ýollar külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara sarp edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleri» diýen parasatly setirler has-da ýüregiňe jüňk bolýar. Ýokarda gürrüňi edilýän ölçeg birlikleri biziň durmuşda gazanýan üstünliklerimiziň, ädýän şowly gadamlarymyzyň görkezijisidir. Türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşymyzyň ähli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolýandyklary döwlet Baştutanymyzyň kitabynda anyk maglumatlar arkaly giňişleýin beýan edilýär.

Jemşit BERDINYÝAZOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu