Žurnalistiň sahypasy

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

19-02-2024 / 14

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýaşlaryň bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine has oňaýly şertler döredilýär.

Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde aýdyň görmek bolýar. Döwrebap bilim ojaklarynyň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi gazanylýan netijäni görkezýär. Orta mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň, şol sanda iňlis, rus, ýapon, hytaý dilleriniň okadylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa täze hünärleriň ençemesiniň girizilmegi, hünärmenleri taýýarlamakda öňdebaryjy usullardan peýdalanylmagy üstünligiň açary bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Wengriýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de sanly bilimi we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar». Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň möhüm şerti bolan milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar.

Biz — ýaşlara okamaga, işlemäge zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Gülkamar ŞIRGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu