
Bilşimiz ýaly, Ýaponiýa innowasion tehnologiýalary öndürmek we eksport etmek boýunça dünýäde öňdeligi saklap gelýän ýurtlaryň biridir. Hut şonuň üçin hem 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň asylly başlangyçlary we ak patasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açylanda, turuwbaşdan, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Geçen döwrüň içinde Ýaponiýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinden birnäçe professor gelip, biziň uniwersitetimizde talyplara bilim-ylym öwretdiler. Şeýle-de uniwersitetimiziň köp sanly mugallymlary we talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde we beýleki birnäçe ýokary okuw mekdebinde gysga we uzak möhletleýin okuw saparynda bolup, bilimlerini, tejribelerini artdyryp geldiler.
Metbugat maglumatlaryndan bilşimiz ýaly, Sukuba uniwersiteti 1973-nji ýylda esaslandyrylyp, Ýaponiýada ýokary bilim berýän iň gadymy ojaklaryň biridir. Ol özüne 28 sany kollej toplumyny we ylmy mekdebi birleşdirip, onda 16 500-den gowrak talyplar bilim alýar. Uniwersitet Nobel baýragynyň eýeleriniň üçüsiniň kemala gelen ýeridir. Şu ýyl uniwersitetiň döredilenine 50 ýyl dolýar. Ýubileý ýyly mynasybetli uniwersitetiň binasy sergiler, suratlar, şekiller bilen bezelip, baýramçylyk lybasyna beslenipdir.
Bu ýokary okuw mekdebi bilen Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda köp umumylyklar bar. Uniwersitetleriň ikisinde hem biotehnologiýa, materiallary öwrenmek, nanotehnologiýa, robot tehnikasy, «akylly» tehnologiýalar, emeli aň, kiberfiziki ulgamlar, innowatika, kompýuter lingwistikasy ýaly ylmyň täze ugurlary hereket edýär. Biziň mugallymlarymyzyň iş sapary Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan «Inženerçilik derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» ady bilen guraldy. Mugallymlar Sukuba uniwersitetiniň abraýly professorlarynyň sapaklaryna gatnaşmak bilen, öz mugallymçylyk tejribelerini artdyrdylar. Iş saparynyň dowamynda mugallymlar iýmit resurslarynyň inženeriýasy, ýarymgeçiriji materiallaryň dizaýny, «akylly» robotika barlaghanalarynda dürli tejribeleri geçirmäge hem gatnaşdylar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyplara ýapon dili öwredilýär. Okuw sapaklary iňlis dili bilen birlikde ýapon dilinde hem alnyp barylýar. Uniwersitetimiziň mugallymy Sukuba uniwersitetiniň ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary ýokary mekdebinde bolmak bilen, ýapon dilini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça tejribesini artdyrmaga mümkinçilik tapdy.
Aýgözel ORAZTAGANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



