
Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň bilim ulgamynda ýaşlaryň hukuklaryny we borçlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda milli maksatnamalar, konsepsiýalar durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň aýratyn gyzyklanýan ugurlaryna bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge we olaryň alan bilimlerini durmuşa geçirmäge, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik döredýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alşylmagynyň doly ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň dünýäniň oňyn tejribesi esasynda yzygiderli kämilleşdirilmelidigi bellenilýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda sebitde ilkinji «akylly» şäher Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurlan we gurluşygy dowam edýän döwrebap bilim edaralary bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrýan özgertmelerimiziň ählisi baş maksada — Türkmenistany bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilendir» diýip bellemegi ýurt derejesinde bilime aýratyn uly üns berilýändiginiň mysalydyr. Ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin oňaýly şertleriň döredilýändigine bilim ojaklarynyň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, multimedia we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen, okatmagyň interaktiw usullaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri döredilen döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň ýaşlary gujak açyp garşylamagy mysal bolup biler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip bellemegi milli bilim ulgamyny ösdürmek bilen, ýaş nesillerimiziň bilime bolan höwesiniň ýokarlanyp, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginde möhüm wezipäni kesgitleýär.
Täze taryhy eýýamda ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly hem-de jogapkärli wezipeler durýar.
Eziz Diýarymyzyň ylym-bilim edaralarynyň işine aýratyn üns berýän, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris.
Muhammet MURADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



