Žurnalistiň sahypasy

Ol Rumystany görsem…

19-02-2024 / 153

Magtymguly Pyragy XVIII asyrda ýaşan, türkmen klassyky edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligi gözýetmez umman bolup, onda ylmyň dürli ugurlary barada gymmatly maglumatlar bar. Magtymgulynyň ýollar, ýurtlar, şäherler baradaky ylmy-pelsepewi garaýyşlary-da esasy orna eýedir. Magtymguly syýahat etmegi, oba-kentleri görmegi hiç haçan ünsden düşürmändir.

Goşgularynda gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryndaky Horasan, Horezm, Rumystan, Merw, Nişapur, Hyrat, Gürgen ýaly ýurtlardyr şäherler barada öz garaýyşlaryny beýan edipdir. Muňa mysal getirsek:

Eýran — Turany gezip, arz — Horasan geldi

ýa-da:

Gündogardan günbatar,
Tersa, jöhit hem tatar,
Şäherler hatar-hatar,
Magrybystana sary.

Beýik ussadyň pikir eleginden geçen parasatly setirleri umumadamzat ruhy çelgilerinden ugur alýan ýörelgelerdir, dünýä paýhasynyň genji-käninde görnükli orun alan garaýyşlarydyr. Magtymgulynyň şygyrlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary we geçilen menzilleriň ölçegleri dogrusynda özboluşly söz açylypdyr.

Magtymgulynyň okan medreselerini, syýahat eden ýurtlaryny nazara alyp, onuň gadymy Beýik Ýüpek ýoluny yzarlap geçendigine göz ýetirýärsiň. Irki orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýoly gözbaşyny Çyn-Maçyndan alyp gaýdyp, esasan, Hywa, Buhara, Amul, Merw, Nişapur, Reý, Hyrat, Hindistan, Rumystan ýaly ýerlerden geçipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Beýik Ýüpek ýolynyň dikeldilmegi ýakyndaky we alysdaky halklary ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar.

Güller ATDAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu