Žurnalistiň sahypasy

Beýik ussada sarpa

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

19-02-2024 / 16

Her ýyl bolşy ýaly, berkarar döwletimiz 2024-nji ýyly hem göwünleri ganatlandyrýan, ylhamlary joşdurýan taryhy wakalaryň gurşawynda garşylady. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary we hormatly Prezidentimiziň goldamagy bilen, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi kalbymyzda joşgun, buýsanç döretdi.

Halkymyzyň at-abraýyny Ýer ýüzüne ýaýan akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy 2024-nji ýylda halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi berkarar türkmen döwletini, agzybirligi arzuw eden söz ussadyna, sözüň gudratyna, edebi mirasymyza halkymyzyň goýýan çäksiz sarpasyndan nyşandyr. Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has hem belende göterjek bu şanly waka taýýarlyk görmegiň barşynda alnyp barylýan asylly işler halkymyzyň medeni durmuşyny diýseň baýlaşdyrýar. Beýik söz ussadynyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan duşuşyklar, çeper eserler, makalalar, metbugatdaky we teleýaýlymlardaky çykyşlar halkymyzyň öz akyldarynyň şanly toýuna örän uly buýsançdyr şatlyk duýgulary bilen taýýarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Akyldar şahyrymyzyň döredijiligini, pähim-parasatdan doly edebi mirasyny diňe bir halkymyzyň däl-de, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden ýaýratmak, okyjylar köpçüligine ýetirmek ugrunda häzirki wagta çenli örän uly işler amala aşyryldy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy sütünleriniň biridir. Häzirki wagtda Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy gurulýar. Akyldar şahyryň asman üzre howalanýan heýkeli her bir ynsanda buýsanç duýgusyny döredýär. Munuň özi dana Magtymgulynyň milli ruha baý bolan gymmatly poeziýasynyň müdimiliginiň, onuň çeper edebiýatyň taryhynda we şu gününde, aýdyň geljeginde baky ýaşajakdygynyň nyşanydyr.

Milli mirasymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu