Žurnalistiň sahypasy

Bilimli, bagtyýar ýaşlar

18-02-2024 / 11

Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ylmy taýdan ösen döwlete öwürmek üçin ylmy-barlag işlerini dowam etdirmegiň, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegiň, ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesliň ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygynyň hem aýratyn nygtalmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň işleriniň has-da sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam berer.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek, döwletde we jemgyýetde durmuşyň ykdysady, syýasy ugurlaryna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly baý mazmunly kitabyny okanyňda, ýaşlaryň durmuşymyzda uly orun tutýandygyna, olara ýokary ynam bildirilýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Bilim ulgamynda uly derejelere eýe bolan Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman ylmyny çuňňur öwrenmeklerine, şeýle-de daşary ýurt dillerini netijeli özleşdirmeklerine giňden ýardam edýär.

Aýjahan GURBANDURDYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu