
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, ony ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagynyň geljekde ýurdumyzyň ösüşiniň aýdyň nusgasyna öwrüljekdigini nygtady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça aýdyň wezipeler kesgitlenildi. Ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligini döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden üýtgedip guramak, bu ministrlikden bölünip aýrylmagy arkaly degişli düzümleri döretmek, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen bagly halk bähbitli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, bu pudak ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleri hem-de hyzmat edýän pudaklar tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, döwrebaplaşdyrylýar, täze özleşdirilýän ýerler üçin suw hojalyk desgalary gurulýar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi öňümizde ýaz ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine hem-de göwnejaý hasylyň ýetişdirilmegine uly mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet Baştutanymyzyň halkymyz üçin, esasan-da, oba hojalyk işgärleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerine diňe yhlas bilen işläp jogap bermek esasy maksat bolup durýar. Häzirki gyş günlerinde oba hojalyk meýdanlaryna edilýän idegler geljekde ýazky ekiş möwsüminiň jogapkärli talaplarydyr. Ene toprakdan rysgal tapýan adamlar — ýer eýeleri, kärendeçiler hakynda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyñ Agrar partiýasynyñ Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniñ esasy hünärmeni.



