Žurnalistiň sahypasy

Milli miras — nesillere görelde

Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiň 300 ýyllygyna

17-02-2024 / 25

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda hem nesil terbiýesine üns berilmek bilen, milli mirasymyz giňden wagyz edilýär.

Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa ruhy, akyl, beden taýdan taýýarlanylýar. Ynsanda maşgalada alan terbiýesine görä gylyk-häsiýet döreýär. Çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň baş çelgisi millilikdir. Çünki öz halkyny söýýän, geçmiş taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini bilýän, oňa buýsanýan, milli däp-dessurlaryny hormatlaýan ynsan beýleki halklaryň milli aýratynlyklaryna hem hormat goýup biler.

Nesil terbiýesi, perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlary hakynda Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde giňden beýan edilýär. Bu mesele Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Onuň öwüt-nesihat temasynda ýazan ähli goşgulary ýaş nesli terbiýelemekde halkymyzyň ýörelge mekdebine öwrüldi. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynyň içinden taryhymyza, edebiýatymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan çäksiz söýgi, buýsanç, hormat eriş-argaç bolup geçýär. Bu gymmatly eserlerde hal-ahwal soraşmak, salamlaşmak, minnetdarlyk bildirmek, özüňden ululary sylamak, kiçileri hormatlamak, goňşular bilen gatnaşyk, goňşokara alyşmak, il-günüň toý-märekesine gatnaşmak, hassa soramak, oňa duýgudaşlyk bildirmek babatyndaky däp-dessurlarymyz durmuşy mysallaryň üsti bilen beýan edilýär.

Görüm-görelde ýoly terbiýe meselesinde esasy orunda durýar. Şöhratly geçmişimizde çagalar edep kadalaryny ýaşlykdan ululara seredip, olardan görelde alyp öwrenipdirler. Şeýlelikde, ata-babalarymyz zähmetsöýerligi, işeňňirligi bilen giden baýlygy – maddy we ruhy gymmatlyklary döretmek arkaly, zähmete bolan söýgini öz perzentlerine geçiripdirler. Mukaddeslik derejesine ýetirilen gymmatlyklaryny aýamagy hem geljekki nesillere ýetirmegi öwredipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýaş nesillerimizi millilik ruhunda terbiýelemekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary hemişe rowaç alsyn!

Jahan KULMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu