
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa ýapon dili içgin öwrenilýär.
Sapaklaryň ýapon dilinde geçilmegi häzirki zaman tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylmagy dostlukly dili özbaşdak özleşdirip çalt öwrenmegimize oňyn täsir edýär. Bu ugurdan mugallymlaryň Ýaponiýada öz hünärleri boýunça kämilleşmegine giň mümkinçilikler döredilýär.
Talyp ýaşlar ýapon dilinde özara gürleşip söz baýlygyny artdyrýarlar. Tapawutlanyp okaýan talyplar Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bolup, ýapon dilini täzeçe usulda öwrenmäge, dil baýlygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik tapýarlar. Olar bu dostlukly ýurtda bolanlarynda diňe bir ýapon dilini çuňlaşdyryp öwrenmän eýsem, Ýaponiýanyň gadymy taryhy özboluşly medeniýetine, milli ýörelgeleri bilen hem tanyşýarlar.
Ýakynda ýapon paýtagtynda — Tokioda Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa ýapon halkynyň hem kitaba, çeper söze goýýan sarpasynyň ajaýyp şöhlelenmesi boldy.
Diller dünýä ýol açýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Ýazgül MYRADOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.



