Žurnalistiň sahypasy

Bilim — bagt açary

17-02-2024 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, dünýä tejribelerinden oňat baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini hem berýär.

Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, geçen ýyl ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, jemi 826 medal gazandylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlisde ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, ýaş nesilleriň ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi.

Şeýle hem 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigi şu ýylyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Munuň özi milli bilim ulgamynyň ösüşiniň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş nesliň kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda giň gerimli özgertmeleri, netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Gülbilbil MEŇLIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu