Žurnalistiň sahypasy

Işjeňlik — netijelilik

17-02-2024 / 18

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda şeýle sözler bar: «Mugallymyň sapak geçende özüni alyp barşy çaga terbiýesine uly täsir edýär. Her gezek birmeňzeş usuly, ençe gezek gaýtalanýan äheňi seçip alýan mugallym öz geçýän sapagyndan lezzet almaz. Sapaga  taýýarlanýan mugallym edil sahna çykjak  artist ýaly bolmalydyr. Umuman-a, sapagyň özi edil gyzykly oýun ýaly bolup geçmelidir».

Şu ugrukdyryjy maslahatlar häzirki günüň pedagogikasy üçin möhüm ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerine işjeňlik mahsus bolýar.

Sapaklarda dürli görkezme, paýlama esbaplary peýdalanylyp, oýunlaryň üsti bilen çagalara berilýän bilimiň oňyn netijeliligi, çagalaryň işjeňligi gazanylýar. Çünki esbaplar we oýunlar çagalarda ýaş aýratynlyklaryna görä uly gyzyklanma döredip, sapaklara işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýär, olaryň ruhubelent, höwesli sapaklardan köp maglumatlary öwrenmekleri, bilimlerini berkitmekleri geljekde geçiljek täze temalary hem netijeli özleşdirmeklerine özboluşly binýat bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, esbap sapagyň esasy bolup, öwrenilýän temany çagalaryň tiz we netijeli özleşdirmeklerine, terbiýeçiniň dilden berýän maglumatlarynyň has mazmunly görnüşde üstüniň ýetirilmegine täsir edýär. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda usuly goruň üstüni yzygiderli ýetirmäge, terbiýeçiniň usuly burçuny baýlaşdyrmaga, täzeçe taslamalary işjeň ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Terbiýeçi öwretjek zadynyň mazmunyna görä, usul we tär saýlap alýar. Usul saýlamakda çagalaryň ýaş aýratynlygy, olaryň taýýarlygy, terbiýeçiniň ussatlygy gerekdir. Şol öwredilmeli zady her terbiýeçi özüçe öz gowy görýän usullaryndan peýdalanyp öwredip biler.

Çaga bedeni hemişe ösüşde bolýar. Aýratyn-da, mekdebe çenli ýaşly çaga günsaýyn, sagatsaýyn beden taýdan ösýär, ýagny agramy artýar, boýy ösýär, psihiki taýdan hem öňe gidýär. Çagany ösdürýän hereketdir. Çagada hereket etmäge uly talap bardyr. Şonuň üçin çaga oýun oýnap, özüniň herekete bolan islegini kanagatlandyrýar. Adamzadyň kadaly durmuşy üçin, ilki bilen, saglyk gerekdir. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Saglyk — beglik» diýipdirler. Elbetde, ynsanyň janynyň sag bolmagy köp zatlara bagly. Saglyk üçin ilkinji zerurlyklaryň hatarynda daş-töweregiň goralmagyny, arassaçylyk düzgünleriniň saklanylmagyny, kadaly iýmiti, dynç alyş düzgünleriniň berjaý edilşini we beýlekileri agzamak bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň kämil bilim-terbiýeli, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri hem-de mekdebe çenli bilim terbiýe ulgamynyň usulyýet-guramaçylyk, okuw terbiýeçilik işleriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Ogulmaral BABAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 13-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu