Žurnalistiň sahypasy

Şanly ýylyň şygary — ýolumyza şamçyrag

15-02-2024 / 12

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi we täze ýylyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, onda beýik ykbalymyzyň üstünliklere beslenjek täze bir sahypasynyň many-mazmunynyň giňişleýin açylyp görkezilmegi uly ähmiýete eýedir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň ýaşlara ynama we söýgä, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna sarpa ýugrulmagy bagtyýar geljegimiz hakyndaky aladalar bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, üstümizdäki ýylyň adynyň akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagynda çuňňur many bar. Magtymguly Pyragynyň eserlerine ornan döwletliligiň, söz we paýhas berekediniň, ylham-döredijiligi joşdurjak rysgal çeşmesiniň, tutuş barlyga, ýaşaýşa, ynsana mahsus gözellikleriň has kämil hem-de döwrebap röwüşde hasyl boljakdygynyň buşlugydyr.

Beýik filosof we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda şahyryň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, ynsanlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemekde milli edep-terbiýe mekdebine öwrülen gymmatly edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak maksady bilen, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hut şunuň esasynda, 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmagyň özboluşly mazmuny bar. Täze ýylymyzyň şygarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwydyr, göwün islegidir.

Ajaýyp täzelikler, buýsançly wakalar biziň güýjümize-güýç goşup, göwünlerimizi joşdurýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda hem beýik işler üstünlikli durmuşa geçiriler, milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylar, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belent derejelere ýetiriler. Bu babatda beýik işlere badalga berip, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýgül ŞAMYRADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu